“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 27.11.2026 - 10.12.2026 aralygynda №2026/54 belgili TENDERI yglan edýär

“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy DS1 (elektromagnit inspeksiýasy we turbalaryň galyňlyk metriýasy) standartynyň talaplary hem-de PipeScope 60-170 ekspress diagnostikasynyň portatiw ulgamynyň synagy boýunça hyzmatlary etmek üçin Türkmenistanyň manatlarynda № 2026/54 belgili TENDERI yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1.     Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta  ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2.     Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3.      Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly;
4.      Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 10 (on) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 10-njy iş güni  ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez. 

Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada  MTO inženerine  +993-65-83-18-99 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;
Tehniki meseleler barada BBS, KRS boýunça sehiň başlygynyň orunbasaryna
+993-65-17-26-33 belgili telefon ýa-da  TagirovIK@tatneft.tatar. salgy boýunça ýüz tutmaly.

Nebitgaz №47
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№47

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 24-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993