“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy dizel elektrik beketlerini Türkmenistanyň manatlarynda düýpli abatlamak üçin №2026/49 belgili tenderi yglan edýär.
Tendere gatnaşmak
üçin Size şular teklip edilýär:
1.
Bäsleşige gatnaşmak islegi barada ygtyýarly adamyň goly çekilen we
möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna
Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň
doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan
ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we
rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada
görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3.
Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron
faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda
arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen
goralan bolmaly.
4.
Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde
«www.oilgas.gov.tm» saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 15 (on
bäş) günüň dowamynda, 15-nji iş güni
ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan gijä galman iberilmeli. Ýokarda
görkezilen möhletden giç gelip gowşan teklipler kabul edilmez.
Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine +993-65-83-18-99 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;
Tehniki meseleler boýunça energiýa üpjünçilik we awtomatlaşdyrma bölüminiň ýolbaşçysyna +993-62-60-07-11 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;