“Türkmengaz” döwlet konserni tenderiň resminamalaryna üýtgetmeleriň girizilendigini habar berýär: 26.10.2026 - 04.12.2026

“Türkmengaz” döwlet konserni şu habar bilen mümkin boljak ähli gatnaşyjylary “Türkmengaz” DK-niň hajatlary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada 09.10.2026-njy ýylda yglan edilen №T/GAZ-037 belgili tenderiň resminamalarynda “Umumzawod enjamlary” atly 2-nji Lot boýunça üýtgetmeleriň (görnüşleriň düzüminde üýtgetme, satyn alynýan harytlaryň sanawynyň üsti täze görnüşler bilen ýetirildi) girizilendigini mälim edýär.

Täzelenen tender resminamalary rejelenen görnüşde beýan edildi. Tender resminamalarynyň galan ähli şertleri, gatnaşyjylara bildirilýän talaplar üýtgewsizligine galýar.

Üýtgetmeleriň girizilmegi bilen baglylykda tender boýunça teklipleri kabul etmegiň möhleti 04.12.26-da ýerli wagt boýunça 15.00-a çenli uzaldyldy.

Ýokarda görkezilen möhletden giç gelip gowşan teklipler kabul edilmez. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi hat üsti bilen talaplyk berlende görkeziler. 

Täzelenen tender resminamalarynyň rejelenen görnüşini, şeýle hem zerur bolan ähli maglumatlary şu salgydan: turkmengaz.gov.tm/, oilgas.gov.tm/ ýa-da Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat “Türkmengaz” DK ÖDÜM salgysy boýunça alyp bolar.

Elektron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm. odum@turkmengaz.gov.tm. 

“Türkmengaz” DK-niň Internetdäki saýtynyň salgysy: oilgas.gov.tm/

 

Nebitgaz №43
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№43

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 27-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993