Hormatly jenaplar!
«Türkmennebit» DK tender toparynyň adyndan Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin haryt getirijileri (potratçylary), işleri we hyzmatlary bäsleşik (tender) esasynda seçip almak barada №-208 belgili açyk halkara tenderi boýunça tender tekliplerini bermegiň möhletini 23.10.2026-njy ýyla çenli uzaldýar.
«Türkmennebit»Döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky NGIZT-da ýol we gurluşyk bitumlarynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak üçin”.
Halkara tenderine diňe degişli ugurda azyndan 10 (on) ýyl iş tejribesi bolan önüm öndürijiler we/ýa-da lisenziýa eýeleri (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelen şertinde) gatnaşyp bilýär.
Size
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil ş., 56-njy jaýy, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK
salgysy boýunça şular teklip edilýär:
·
tendere gatnaşyjynyň doly
adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerni görkezmek
bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (offşor zolaklarynda
hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);
· “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine
ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny,
“Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur
bolan resminamalar bilen tanyşmak;
· Lotyň tabşyrygyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň
esasy şertlerini almak;
· ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde (GSB bilen)
serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak,
bir Lot üçin tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;
Tender boýunça teklipler “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde şu tender hakynda bildirişiň resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda 30-njy iş güni sagat 12.00-dan (ýerli wagt boýunça) gijä galman kabul edilýär.
Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen tekliplere seredilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler.
Doly tender teklipli, möhür bilen tassyklanan bukja bildiriş çap edilen pursatyndan ýokarda görkezilen salgy boýunça berilmeli hem-de pul serişdeleri hasaba gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini (“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda) salmaly.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-24, 40-39-90; (hatlary ibermek üçin faks 40-39-93, 40-37-85; 40- 35-68 (tehniki sowallar üçin). fer@turkmennebit.gov.tm (el.salgy).