Hormatly jenaplar!
«Türkmennebit» DK tender toparynyň adyndan «Türkmennebit» DK-niň hajatlary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada №-218 belgili açyk halkara tenderini gaýtadan yglan edýär. Tendere diňe haryt öndürijiler (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelen şertinde) gatnaşyp bilýär.
Lot №3 – «Elektrotehniki, geofiziki, barlag we ölçeg enjamlary, aragatnaşyk we gurluşyk seişdeleri».
Size
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil ş., 56-njy jaýy, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK
salgysy boýunça şular teklip edilýär:
·
tendere
gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we
rekwizitlerni görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek
(offşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan
arzalar kabul edilmeýär);
· “Döwlet hajatlary üçin
harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler
hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme
hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalar bilen tanyşmak;
· Lotyň tabşyrygyny, tehniki
talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
· ABŞ-nyň 575 dollary möçberinde
(GSB bilen) serişdeleri ýa-da şoňa deň
bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak, bir Lot üçin tendere
muzdsuz gatnaşmak üçin;
Tender boýunça teklipler “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde şu tender
hakynda bildirişiň resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz)
günüň dowamynda 30-njy iş güni sagat 12.00-dan (ýerli wagt boýunça) gijä
galman kabul edilýär.
Ýokarda
görkezilen möhletden giç gelen tekliplere seredilmeýär.
Pul
serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler.
Doly
tender teklipli, möhür bilen tassyklanan bukja bildiriş çap edilen pursatyndan
ýokarda görkezilen salgy boýunça berilmeli hem-de pul serişdeleri hasaba
gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär. Tender bukjasyna hökmany suratda
anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini (“Word” formatda)
hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda) salmaly.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-24 (hatlary ibermek üçin faks); 40-39-93, 40-31-12; 40-31-57; 40-39-77, +993222 7-10-86(tehniki sowallar üçin). fer@turkmennebit.gov.tm (el.salgy).