“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy № 2026/48 belgili TENDERI yglan edýär: 20.10.2026 - 09.11.2026

“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy türkmen manadynda awtokranlaryň howpsuzlyk abzallaryny we gorag ulgamlaryny abatlamak we tehniki taýdan hyzmat etmek barada №2026/48 belgili TENDERI yglan edýär:

Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1.    Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta  ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2.    Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3.     Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýllary görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly;
4.     Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 15 (on bäş) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 15-nji iş güni  ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.

 Takyk maglumaty almak üçin:

 Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine  +993-65-83-18-99 belgili telefon ýa-da  KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça ýüz tutmaly;

 Tehniki meseleler barada  energiýa üpjünçilik we awtomatlaşdyrmak bölüminiň ýolbaşçysyna +993-62-60-07-11 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;

Nebitgaz №42
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№42

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 20-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993