Hormatly jenaplar!
«Türkmennebit» DK tender toparynyň adyndan Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin haryt getirijileri (potratçylary), işleri we hyzmatlary bäsleşik (tender) esasynda seçip almak barada №-217 belgili açyk halkara tenderini yglan edýär.
“НК-16СТ
we НК-16-18СТД gazturbinaly hereketlendirijileri we olaryň modullaryny
(gazgenerator we açyk turbina) düýpli abatlamak üçin ”
Tendere
diňe haryt öndürijiler (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk
gelen şertinde) bolup durýanlar gatnaşyp bilýär.
Size Türkmenistan,
Aşgabat ş., Arçabil ş., 56-njy jaýy, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy
boýunça şular teklip edilýär:
·
tendere gatnaşyjynyň doly
adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen,
tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (offşor zolaklarynda hasaba
alynan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);
· “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine
ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi
geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan
resminamalar bilen tanyşmak;
· Lotyň tabşyrygyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň
esasy şertlerini almak;
· ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde (GSB bilen)
serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak,
bir Lot üçin tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;
Tender boýunça teklipler “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde şu tender
hakynda bildirişiň resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz)
günüň dowamynda 30-njy iş güni sagat 12.00-dan (ýerli wagt boýunça) gijä
galman kabul edilýär.
Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen tekliplere seredilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende
görkeziler.
Doly tender teklipli, möhür bilen tassyklanan bukja bildiriş çap edilen
pursatyndan ýokarda görkezilen salgy boýunça iberilmeli
hem-de pul serişdeleri hasaba gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär. Tender
bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini
(“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda)
salmaly.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-24 (hatlary ibermek üçin faks); 40-39-93, 39-90, 40-31-67; 40-31-17, 40-36-04 (tehniki sowallar üçin). fer@turkmennebit.gov.tm (el.salgy).