Hormatly jenaplar!
«Türkmennebit» DK tender toparynyň adyndan «Türkmennebit» DK-niň zerurlygy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada №-118/4 belgili açyk halkara tenderini gaýtadan yglan edýär. Tendere diňe haryt öndürijiler (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelen şertinde) bolup durýanlar gatnaşyp bilýär.
Lot №4 – «Awtoulag, traktor, ýöriteleşdirilen tehnika, toplum we ätiýaçlyk şaýlary».
Size
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil ş., 56-njy jaýy, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK
salgysy boýunça şular teklip edilýär:
·
tendere gatnaşyjynyň doly
adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, tendere
gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (offşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da
bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);
· “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine
ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny,
“Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur
bolan resminamalar bilen tanyşmak;
· Lotyň tabşyrygyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň
esasy şertlerini almak;
· ABŞ-nyň 575 dollary möçberinde (GSB bilen)
serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak,
bir Lot üçin tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;
Tender boýunça teklipler “Neýtralnyý
Türkmenistan” gazetinde şu tender hakynda bildirişiň resmi taýdan çap edilen
gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda 30-njy
iş güni sagat 12.00-dan (ýerli wagt boýunça) gijä galman kabul edilýär.
Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen tekliplere seredilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende
görkeziler.
Doly tender teklipli, möhür bilen tassyklanan bukja bildiriş çap edilen
pursatyndan ýokarda görkezilen salgy boýunça iberilmeli
hem-de pul serişdeleri hasaba gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär. Tender
bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron
görnüşini (“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel”
formatda) salmaly.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-24 (hatlary ibermek üçin faks); 40-39-90, 40-39-93, 40-31-06; 40-39-83 (tehniki sowallar üçin). fer@turkmennebit.gov.tm (el.salgy).