“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmengeologiýa” DK-niň hajatlary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada haryt getirijileri bäsleşik (tender) esasynda seçip alýan Toparyň adyndan
№ 01/26(1) belgili HALKARA TENDERINI gaýtadan yglan edýär, bäsleşige diňe haryt öndürijileri gatnaşyp bilýär.
· Lot №2 - umumzawod, tehnologik, buraw enjamlary.
Tendere gatnaşmak
üçin Size şular teklip edilýär:
·
tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny
we rekwizitlerini hem-de kompaniýanyň işi barada maglumatlary görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada
arzany bermek (offşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan
gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);
·
“Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek,
hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi
geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan
resminamalar bilen tanyşmak;
·
Lotyň görkezmesini, tehniki talaplary hem-de şertnamanyň esasy şertlerini almak;
· Tendere gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde (GSB we bank çykdajylaryny hasaba
almazdan) serişdeleri ýa-da şoňa barabar manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak.
Serişdeleri geçirmek üçin hasap arza berilenden soň gowşurylar.
Tender resminamalarynyň bukjalary doly tender teklipli, mastika möhri bilen tassyklanyp ýelmenen iki sany aýry bukjalarda (kotirowkaly) kabul ediler hem-de serişdeler “Türkmengeologiýa” DK-niň hasabyna gelip gowşandan soň serediler.Tender teklipli (kotirowkaly) bukja tender resminamalarynyň bukjasynda görkezilen sanawa laýyklykda düzülmelidir. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini (“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda) salmaly.
Zerur bolan maglumaty, şeýle hem yglan edilen lotlaryň spesifikasiýasyny http://www.tmgeology.gov.tm/ ýa-da http://www.oilgas.gov.tm/ internet saýtlaryndan alyp bolar.
Ýokarda görkezilen ähli resminamalary we tender teklipleri Aşgabat, Arçabil şaýoly 56 salgysy boýunça “Türkmengeologiýa” DK-ne iberilýär.
Teklipleri bermegiň möhleti 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyndan 13-nji oktýabryna çenli ýerli wagt bilen sagat 12-ä çenli.
Elektron poçtanyň salgysy: tdk@tmgeology.gov.tm ýa-da marketing@tmgeology.gov.tm
Habarlaşmak üçin şu telefonlar: 40-34-54, 40-34-52
boýunça ýüz tutmaly, faks 40-34-53
Tehniki meseleler boýunça: 40-34-66.