Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 20.08.2026 – 26.08.2026 aralygynda tender yglan edýär

Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” Şertnamalaýyn çäkde 2027-2030-njy ýyllarda çeýe NKT desgasyny peýdalanmak bilen esasy we ugurdaş hyzmatlary etmek barada №. CIT-26034-SR belgili tenderi yglan edýär.

Bu Tendere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa şular teklip edilýär:

1.     Tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek.

2.     Tender resminamalaryny (ITB) almak üçin pul serişdelerini geçirmek üçin hasap almak. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap Gatnaşyja arza berende gowşurylar.    

3.     Tender tabşyrykly bukjany (ITB) kompaniýanyň wekiliniň pasportynyň göçürmesini, tender resminamalaryny almak üçin hukuk berýän baş ynanç hatynyň göçürmesini we pul geçiriminiň göçürmesini bermek bilen almak.

Arza tender barada bildirişiň habar beriş serişdelerinde çap edilen wagtyndan 7 (ýedi) günüň dowamynda berilmelidir. Şol möhletden giç gelen  resminamalar kabul edilmez.

Tendere gatnaşmagyň şertleri we resminamalary bermek barada takyklaýjy maglumatlar şu salgy boýunça berilýär:

Salgy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, HMNK-niň edarasy, Aşgabat, Türkmenistan

Habarlaşmaly adam:

Narine Simonýan

tel.:  (+993-12) 44-54-34

Nebitgaz №33
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№33

2026-njy ýylyň awgust aýynyň 18-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993