“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 05.07.2023 - 04.08.2023

16:46 17.07.2023 2971

 “Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:

Arza №200 23.06.2023 – 1,25 х 2,5 m ölçegli 6mm galyňlykly metal listler.

Tendere gatnaşmak üçin BILDIRIŞ çap edilen gününden 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

• dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasy (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde);

• Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:

745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

tel.: +993 61 765 488; +993 61 882 295. 

e-mail: sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar