WTL Türkmenistanda ekologiýa gurşawyny goramak nukdaýnazaryndan iş alyp barýar

22:51 25.08.2020 4265

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/176/original-15f06fdf3025d7.jpeg

Türkmenistanda daşky gurşawy guramak işi nebiti çykarmak we ony ugratmak, gaýtadan işlemek we peýdalanmak bilen bagly senagatyň birnäçe pudaklarynda üpjün edilýär. Westport Trading Europe Limited  kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Allaberdi Ylýasowyň «Golos SNG» onlaýn radiosyna beren gürrüňine laýyklykda, amerikan kompaniýasy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemekde üstünlikli ulanylýan täze nesliň enjamlarynyň nusgasy döredildi. Kompaniýanyň hünärmenleri ekologiýa gurşawyny gorap saklamak nukdaýnazaryndan birnäçe taslamalary işläp düzýärler.Ekologiýa taýdan arassa prosesleri işläp düzmek we galyndylary ýok etmek, nebit önümçilikleriniň gaz zyňyndylaryny arassalamak, zeý suwlaryny arassalamak, daşky gurşawyň nebit we nebit önümleri bilen hapalanmagyna gözegçilik etmek nebiti we gazy çykarmakda tebigaty gorap saklamak ulgamynda ileri tutulýan ugurlardyr.— Atmosferanyň hapalanmagynyň öňüni almakda möhüm ugurlaryň hataryna tehnologiki prosesleri kämilleşdirmeklik hem degişlidir. Mundan başga-da, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar arassalaýyş ulgamlary (durgunlaşdyrmak, süzmek, zeý suwlaryny mikrobiologiki we himiki arassalamak we beýlekiler) bilen enjamlaşdyrylýar.Häzirki wagtda kompaniýanyň hünärmenleri haýalladylan kokslaşdyryjy we gudrony deasfaltlaýjy desgalaryň gurluşygyna başlady. Haýalladylan kokslaşdyrma desgasy zawodda dürli agyr galyndylary (gudrony, nebitşlamlaryny, asfaltlary we beýlekileri) has gymmat bahaly ýeňil nebit önümlerine (benzin, dizel ýangyjy) we elektrod koksuna gaýtadan işlemek üçin niýetlenilendir.

Başga makalalar
162c7d4259faa6.jpeg
Türkiýe türkmen gazyny Anatoliýa TANAP boýunça getirmegi meýilleşdirýär

Türkmen tebigy gazyny Anatoliýa Anatoliýüsti gaz geçirijisi (TANAP) boýunça ibermek bolar diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý belledi.


162c7ce7d5f462.jpeg
«Tatneft» Türkmenistanda önümçilik infrastrukturasyny giňeltmäge taýýarlanýar

«Tatneft» rus kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy ýurdumyzda bar bolan önümçilik infrastrukturasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Muňa türkmen habar beriş serişdelerinde neşir edilen degişli tender habar berýär.


162c7cf175afe9.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gazyň bahasy ýokarlandy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 6-njy iýulda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy ýokarlandy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.


162c7cd9a559b7.jpeg
«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bellige alnan kompaniýalary, guramalary we telekeçileri aşakdaky çärelerine gatnaşmaga çagyrýar:


1676525dbef219.jpg
Türkmenistan we Malaýziýa energetika toplumynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 18-19-njy dekabrda Malaýziýa resmi saparynyň netijeleri we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar bin Ibrahim bilen gepleşikleriniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.