«Rosgeologiýa» Türkmenistanda uglewodorod känlerini gözlemek hem-de işläp taýýarlamak bilen meşgullanar
16:11 24.01.2023 9862
Aşgabatda 19-20-nji ýanwarda geçirilen Türkmen-russiýa işewürler forumynyň çäklerinde «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hem-de «Rosgeologiýa» (Rosgeo) rus holding kompaniýasynyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça russiýa hünärmenler türkmen uglewodorod we peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň känini gözlemekde we işläp taýýarlamakda tehnologik kömegini bererler.
«Rosgeonyň» wekiliýeti geçen ýylyň noýabrynda hem Türkmenistana gelipdi. Şonda ýurduň uglewodorod mümkinçiliklerini artdyrmak we gaty gazylyp alynýan baýlyklaryň täze känlerini açmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.
Şunuň bilen bir hatarda, taraplar «Rosgeo» PJ bilen «Türkmengeologiýa» DK-nyň arasynda uglewodorod çig maly we peýdaly gaty gazylyp alynýan baýlyklar boýunça geologiýa gözleg işlerini ýerine ýetirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýärler. Degişli ylalaşyk 2022-nji ýylyň dekabrynda 12-nji Russiýa-türkmen Hökümetara toparynyň mejlisiniň barşynda gazanyldy.
Hususan-da, russiýaly hünärmenler Hazar deňziniň türkmen böleginiň erkin bloklarynda ýerasty gaz ammarlaryny gurmak üçin laýyk gelýän multiklient düşürme, gözleg we geologiýa uçastoklarynyň esaslandyrmasy formatynda 3D seýsmoderňewleri geçirmek, Amyderýanyň nebitgazly basseýniň demirgazyk-günbataryndaky nebit känlerini lokallaşdyrmak boýunça taslamalara gatnaşmagy teklip edýärler.
«Rosgeo» Russiýa Federasiýasynyň ösen önümçilik we tehniki mümkinçilikleri bolan iri geologiýa holdingidir. Kompaniýa mineral serişdeleriň ähli görnüşleriniň sebitleýin derňewinden başlap we känleriň ätiýaçlygyny kesgitläp, olary işe girizmeklige çenli geologiýa gözleg we derňew işleriniň ählisini ýerine ýetirýär.
Kompaniýa deňiz geologiýa we şelf operasiýalary ulgamynda özboluşly başarnyklara eýedir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.