«Mawy ýangyç» Daşoguzyň uzakdaky obalaryna ýetirilýär

10:49 10.07.2020 4912

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/129/original-15f06fae1eac74.jpeg

«Türkmengazüpjünçilik» müdirliginiň «S.Türkmenbaşyetrapgaz» hojalyk edarasynyň gazçylary diňe bir şäherleriň we şäher görnüşli şäherçeleriň däl, eýsem, ilkinji nobatda Daşoguz welaýatynyň günbataryndaky uzakda ýerleşen obalary hem «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek boýunça işleriň depginini ýokarlandyrýarlar. Häzirki wagtda tebigy gaz turba geçirijiler arkaly 21 müň 560-dan gowrak öý hojalyklaryna we edaralara berilýär.Gazçylaryň zähmeti netijesinde «mawy ýangyç» welaýatyň iň çetki nokatlaryndaky ilatly ýerlere hem ýetirilýär. Netijede, «Anna oý» we N.Gylyjow geňeşlikleriniň obalarynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň ilatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-abatlaýyş müdirliginiň işgärleri şu ýylyň geçen bäş aýynda diametri 159 mm bolan orta basyşly we birnäçe müň metr uzynlykdaky gaz geçirijisiniň eltiji torlaryny oturtmak işini ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda «mawy ýangyç» 21 müň 280 sany ýaşaýyş jaýlaryna iberilýär. Şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň 208 sany öý hojalyklary suwuklandyrylan gazdan peýdalanýarlar.Şu ýylyň bäş aýynda Ýeňiş obasynda uzynlygy 1000 metr bolan 159 mm diametrli orta basyşly gaz geçirijisi dolulygyna abatlanyldy. Netijede onuň öndürijiligi ep-esli ýokarlandy.Häzirki wagtda gazçylar tarapyndan etrabyň çäginde uzynlygy 2434 kilometr bolan dürli diametrli gaz geçirijilerine, şeýle hem 670-den gowrak gazsazlaýjy we gazpaýlaýjy desgalara  ýokary hilli hyzmat edilýär. Işleri ýerine ýetirmekde gazçylar ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berk berjaý edýärler.

Başga makalalar
16322bd8218678.png
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.


16322bdd9b88fb.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.