11 aýda «mawy ýangyjyň» çykarylyşy we eksporty düýpli artdy
19:13 19.12.2022 4837
Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnama 113,6 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça meýilnama 124,7 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik işiniň netijeleri barada geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.
Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, şol sanda nebit we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnamanyň, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan meýilnamanyň 109,2 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.
Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 114,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 110,4 göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasynyň 119,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 104,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 107 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.