Lebap welaýatynda Üçajy-Zerger bölegindäki gaz geçiriji ulanyşa girizildi
16:41 07.12.2022 5951
Lebap welaýatynda Üçajy-Zerger böleginde uzynlygy 125 kilometr bolan gaz geçiriji ulanyşa girizildi. Onuň gurluşygyny bir ýylyň dowamynda «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň bäşinji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler diýip, «Türkmenistan:Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Gaz geçiriji Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän 432 MWt kuwwatlykly gaz turbinaly elektrik bekedini «mawy ýangyç» bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda kärhananyň işgärleri Gazojak şäherinde täze desganyň gurluşygyny ýerine ýetirýärler. Ol suwuklandyrylan gazy kabul etmäge we ony soňra awtomobillere we demir ýol sisternalaryna ýüklemäge mümkinçilik berer.
Şol bir wagtda kärhana Naýyp gaz käninde gaz guýularyny işläp taýýarlaýar. Ol, öz gezeginde, sebitde tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmaga kömek eder.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Owganystan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar
Uly ähmiýetli desgalaryň düýbüniň tutulmagy we ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky eden çykyşynda belledi.
Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär
“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.