Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda on aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
11:03 06.11.2022 5179
Düýn, 5-nji noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toplumy ösdürmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Çykyşlarda şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeler, toplumyň düzümlerine gönükdirilen maýa goýum serişdelerini talabalaýyk özleşdirmek, senagat düzümleriniň ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmak, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, uglewodorod çig malyndan öndürilýän, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini köpeltmek, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak üçin önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, geologiki-gözleg, seýsmiki-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Ýygnagyň dowamynda şu ýylyň 26 — 28-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly ХХVII halkara maslahatynyň we sergisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi bellenildi. Bu iri forumyň geljek ýyllarda gerimini has-da giňeltmek, oňa gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary, ýokary derejeli bilermenleri, hünärmenleridir işewürleri üçin hemmetaraplaýyn şertleri döretmegi wise-premýer Ş. Abdrahmanow halkara maslahatyň we serginiň guramaçylaryna tabşyrdy.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ony jemläp, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalaryny nygtap, Arkadagly Serdarymyzyň nebitgaz toplumynyň täze 2023-nji ýylyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga ähli şertleri döredýänligi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy we toplumyň her bir ýolbaşçysynyň has-da tijenip işlemeginiň zerurdygyny nygtady.
«Nebit-gaz».
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.