Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär - Jarnama
09:12 22.10.2022 10541
Türkmenistan we Özbegistan maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, möçberleri artdyrmak we özara söwdany giňeltmek, energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary ederler. Bu barada Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Jarnamada aýdylýar. Jarnama Şawkat Mirziýoýew bilen Serdar Berdimuhamedowyň arasynda anna güni Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça gol çekilen Jarnamada aýdylýar.
«Taraplar maýa goýum hyzmatdaşlygyny depginli çuňlaşdyrmak, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak we giňeltmek, şeýle hem onuň ösüşini bökdeýän päsgelçilikleri aýyrmak üçin bilelikde tagallalary ederler» .
Taraplar serhetýaka çäklerde söwda zolaklaryny bilelikde ösdürmek işinde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan edýärler. Taraplar iki döwletiň kompaniýalarynyň awtomobil we ýörite tehnikalaryny özara ibermek ulgamynda hyzmatdaşlygyny goldaýarlar.
Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň ykdysadyýetini ösdürmek hem-de energetiki howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhüm ähmiýeti bolan energetika ulgamynda netijeli özara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi dowam ederler. Taraplar tebigy gazy we elektrik energiýasyny gysga, orta we uzak möhletli geljekde özara bähbitli şertlerde satyn almak, ibermek hem-de üstaşyr geçirmek üçin mundan beýläk-de taýýardyklaryny beýan edýärler.
Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 533,5 mln dollara barabar boldy. Bellenen döwür üçin söwdanyň düzüminde paýyň aglaba bölegini, ýagny ABŞ-nyň 338,9 mln dollaryna barabar bolan ýangyç, çalgy ýaglary we şuňa meňzeş önümler eýeledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.