Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň ibermelerini artdyrmak meselesini maslahatlaşmaga taýýar
09:50 27.01.2022 6418
Türkmenistan tebigy gazyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sammitde aýtdy.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurlup, 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilmegi pudagyň öňdebaryjy desgasyna öwrüldi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, köptaraply bähbitlere düşünmäge, gaz geçirijiniň hereket edip başlamagy bilen açylan mümkinçilikleriň giň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly boldy.
Biz energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we giňeltmegiň ýoly bilen öňe hereket etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 4-nji turbageçiriji ulgamyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça (A, B we C) her ýylda 40 milliard kub metr töweregi tebigy gaz iberilýär. Dördünji şahanyň (D) gurulmagy bu gaz geçirijiniň geçirijilik kuwwatyny ýylda ýene 30 mlrd kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Monakonyň Şazadasy köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirdi. Onda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan Hindistanyň gurnan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy
Türkmenistan Hindistanyň DIM-niň goldaw bermeginde bu ýurduň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy.
Wodorody öndürmegiň usullary we ulanmagyň mümkinçilikleri
Häzirki döwürde dünýä möçberinde wodorody almagyň 85 göterim möçberi metanyň suw bugy bilen konwersiýa tehnologiýasy, 10 göterimi nebit, kömür we bary-ýogy 5 göterimi elektroliz usul bilen suwdan alynýar.
Iş maslahaty geçirildi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň merkezi edarasy tarapyndan garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärler bölümleriniň amala aşyrýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň iş tejribesini artdyrmak hem-de degişliligi boýunça wezipeleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda «Halypaçylygyň ösüşine höwes döretmegiň usullary» atly iş maslahaty geçirildi.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 1550 dollara bardy
Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň gowşak goşandy, bäsdeşlik edýän bazarlarda bahalaryň ýokarlanmagy we sebitde öň çaklanylyşyndan has sowuk howa garaşylmagy netijesinde Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy çarşenbe güni, 15-nji dekabrda söwdalaryň açylmagy bilen ýokarlanmagyny dowam etdi diýip, Interfaks belleýär.