Gözleg guýulary önüm berýär
«Türkmengeologiýa»
DK-nyň gazçylarynyň, geologlarynyň ýadawsyz çekýän zähmeti arkaly ýurdumyzyň
sebitlerindäki gaz gorly meýdançalardaky ulanyş hem gözleg guýularyndan tebigy
gazyň akymynyň alynmagy bilen uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberleri
barha artdyrylýar.
Korporasiýanyň
iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan «Marynebitgazgözleg»
ekspedisiýasynyň gazçylarynyň agzybirlikli çekýän zähmeti arkaly gazanýan
üstünlikleri guwandyryjydyr. Olar geçen ýyl çuňluk burawlamak baradaky
meýilnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etdiler. Meýilnamada