Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Monakonyň Şazadasy köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
05:43 23.01.2025 4744
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirdi. Onda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar.
Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Şazada Alber II iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwrüň talabyna hem-de dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygyny nygtadylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň dürli ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Monako Knýazlygyna minnetdarlyk bildirip, munuň ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýändigini, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna ünsi çekip, ýurdumyz tarapyndan bu döwürde dünýä syýasatynda parahatçylyk ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna, dartgynlylygy peseltmek üçin şertleri döretmäge, möhüm meseleleri çözmekde jogapkärli hem-de netijeli çemeleşmelere geçmäge gönükdirilen birnäçe wekilçilikli halkara forumlaryň geçiriljekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Şazada Alber II-ni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşygyň birnäçe möhüm ugurlardaky özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda amatly pursat hasaplanýandygyny, şolaryň hatarynda daşky gurşawy goramak meselesini aýratyn belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri söwda-ykdysady ulgam barada aýdyp, hususy telekeçilikde, syýahatçylyk, maliýe babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de hyzmatdaşlyk we iş gatnaşyklary üçin usullary döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi älem giňişligidir. 10 ýyl mundan ozal Monako Knýazlygy «TürkmenÄlem52oE» türkmen emeli hemrasynyň kosmosa çykmagy üçin uçjak ugruny beripdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletiniň 2030-njy ýylda dolýandygyny aýdyp, oňyn tejribä esaslanyp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Günüň ikinji ýarymynda Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi.
Monakonyň Okeanografiýa muzeýi 1910-njy ýylda Şazada Alber I tarapyndan döredildi we ol dünýäniň öňdebaryjy okeanografiýa hem biologiýa ugurly muzeýleriniň biri bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri soňra Nissa şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde Milli Liderimiz Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Hormatly Arkadagymyzyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň dowamynda 15 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň 6-7-nji dekabrda Moskwa iki günlük saparynyň netijeleri boýunça on bäş sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.
Mongoliýanyň Prezidenti güýzde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşygynda şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e iş sapary tamamlandy
3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.