Wodorody öndürmegiň usullary we ulanmagyň mümkinçilikleri

04:15 08.07.2025 3455

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14460/original-1686bf5109d3d9.jpg

Häzirki döwürde dünýä möçberinde wodorody almagyň 85 göterim möçberi metanyň suw bugy bilen konwersiýa tehnologiýasy, 10 göterimi nebit, kömür we bary-ýogy 5 göterimi elektroliz usul bilen suwdan alynýar.

Dünýä bilermenleri tarapyndan atmosfera howasyny hapalaýan karbon birleşmelerini, esasan-da, CO2 parnik gazlaryny azaltmagyň Pariž ylalaşygynyň çäklerinde uglerod birleşmeleri: kömür, tebigy gaz we başga-da ýangyçlardan ekologiýa taýdan arassa wodorod energiýasyna tapgyrlaýyn geçmek barada ylalaşyga gelindi. Hususan-da, dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly talaplaryň güýçlenmegi netijesinde, geljekde dünýä bazarynda energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine garaşylýar.

Türkmenistanda wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň, kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek, maglumatlary toplamak we seljermek boýunça dürli işler alnyp barylýar.

Wodorod metandan 8 esse ýeňil, ýylylyk sygymy 7 esse, ýylylyk geçirijiligi 54 esse uludyr, ýokary ýanyş ýylylygy 2,5 MJ/kg esse ýokarydyr. Başgaça aýdylanda, 1 kilogram wodorod ýakylanda, şol ýylylygyň deň mukdaryny almak üçin metanyň 2,5 kilogram mukdaryny ýakmaly bolýar.

Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy geljekde biziň ýurdumyzda hem wodorod energiýasynyň öndürilmegine öz goşandyny goşmakda mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.

Wodorody barlaghana we senagat şertlerinde almagyň belli bolan birnäçe termik we katalitik usullary bar, olardan:

1-nji usul — suwuň bugly konwersiýasy. Esasy köp ýaýran usullaryň biri hem tebigy gazy suwuň bugunyň konwersiýasy esasynda ýokary temperaturada wodorody almak. Bu usulda örän köp mukdarda CO2 gazy bölünip çykýar. Bölünip çykýan CO2 gazy howa atmosferasyna zyňylman, oba hojalygynda karbamid dökünlerini öndürmek tehnologiýasynda gaýtadan ulanylýar.

Mysal üçin, häzirki wagtda Tejen, Mary we Garabogaz karbamid öndürýän zawodlarynda ammiagyň önümçiligi wodorodyň köp mukdaryny ulanmagy talap edýär. Bu hadysa ýokary temperaturada (420oC) we ýokary basyşda (28 MPa) katalizatoryň gatnaşmagynda geçýär. Häzirki döwürde metandan wodorody bölüp çykarmak we CO2 gazyny aralyk önüm hökmünde gaýtadan ulanmak ekologik we tehniki-ykdysady taýdan has amatly hasap edilýär.

2-nji usul — suwuň elektrolizi. Bu usul örän köp mukdarda elektroenergiýany we elektroliz enjamlaryny talap edýär. Elektroenergiýany öndürmek üçin köp mukdarda ýangyç energiýasyny, maýa goýumlaryny harçlamaly bolýar we özüne düşýän gymmaty artýar.

3-nji usul — duzly suw minus -30oC çenli sowadylýar, soňra işjeňleşdirilen MgO2 ýa-da Al2O3 oksidi goşulanda arassa H2 bölünip çykýar. Bu ýerde magniý oksidiniň 1 kilogram mukdaryna 1 kilogram möçberinde wodorod bölünip çykýar. Bu usulyň ýetmezçiligi duzly suwy pes temperaturalara çenli sowatmak meselesidir, ýöne bu usul sowuk klimatly ýurtlarda (Antraktida) netijeli bolup biler.

4-nji usul — katalitiki reforming we termiki piroliz usuly. Bu usulda katalizatoryň gatnaşmagynda ýokary temperaturada metana suwuň buguny ýa-da kislorody täsir etdirip, ilki bilen, sintez gaz alynýar, soňra metanol (Ahaldaky benzin zawodynyň mysalynda) emele gelýär.

5-nji usul — termiki piroliz — etan ýokary temperaturalarda (850oC) krekinge sezewar edilende etilen emele gelýär we wodorod bölünip çykýar (Gyýanly polimer zawodynyň mysalynda).

Mundan başga-da, dünýä tejribesinde wodorody öndürmegiň birnäçe usullary bar, ýagny biomassalardan, suwotulardan we suwy metallar bilen himiki täsirleşdirmek netijesinde alýarlar.

Arslanmyrat SOLTANNAÝEW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.