Aşgabatda Halkara nebitgaz maýa goýum forumy öz işine başlady

14:31 12.05.2021 7023

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2179/original-1609b80d76846c.jpeg

Şu gün irden Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, TAPI Pipeline Company Limited forumyň guramaçylary bolup çykyş edýär. «Turkmen Forum» Hojalyk Jemgyýeti Gaffney Cline kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çäräniň bilelikdäki guramaçylary bolup çykyş edýär.

Şol bir wagtda onlaýn görnüşde geçirilýän çärä dünýäniň 42 ýurdundan 160-dan gowrak halkara nebitgaz we maýa goýum kompaniýalaryna wekilçilik edýän, şeýle hem iri halkara düzümleriniň we maliýe institutlarynyň 500 töweregi wekili gatnaşýar.

Forumyň açylyşynda oňa gatnaşyjylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny diňlediler. Onda döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, «nebite we tebigy gaza baý bolan ýataklary daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Täze ojaklary açmak, täze känleriň çägini giňeltmek, täze guýulary burawlamak ýaly işler baglaşylan şertnamalar we ylalaşyklar esasynda daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde alnyp barylýar».

Şeýle hem türkmen Lideri «bu halkara forumyň ýurdumyzyň hünärmenleriniň daşary ýurtly maýadarlar bilen bilelikde özara tejribe alyşmakda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de ikitaraplaýyn bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýandygyny» nygtady.

Forumyň Gün tertibine halkara we milli nebitgaz ulgamynyň aktual mowzuklary, onuň ösüşiniň ileri tutulýan ýörelgeleri girizildi. «Energetika bazarlarynda ählumumy ýörelgeler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi» plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, «Türkmengaz» DK-nyň başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow çykyş etdi.

Çykyş edenleriň arasynda daşary ýurtlulardan — SOCAR kompaniýasynyň prezidenti Rownag Abdullaýew, HHR-niň Türkmenistandaky ilçisi Sýan naýçen, Beýik Britaniýanyň premýer-ministriniň söwda ilçisi baronessa Nikolsan Uinterbornskaýa bar.

BMG-niň Ykdysadyýet we durmuş geňeşiniň Aziýa we Ýuwaş ummany (ESKATO) boýunça ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana we Halkara Energetika forumynyň Baş Sekretary Jozef MakMonigl wideoýüzlenmelerini iberdiler.

Forumyň işi dowam edýär.

Başga makalalar
161a5b40525c12.jpeg
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


161a479a09bad8.jpeg
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi

Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.


164b6323e05bb6.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


16830208d7dc57.jpg
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.


166e3ec3b3f967.jpg
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.