Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň ösüşiniň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlary boýunça netijeleri maslahatlaşyldy
17:08 11.05.2021 23397
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmakda, gaýtadan işlemekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. Benzin önümçiliginiň meýilnamasy 109 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 105,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 107,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,6 göterim, tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 119,3 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 109,1 göterim berjaý edildi.
Prezident hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işinde belli bir öňegidişligiň bardygyna garamazdan, aýry-aýry pudaklarda heniz kemçilikleriň dowam edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli berjaý etmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutany polietileniň we polipropileniň önümçilik möçberlerini artdyrmak, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işine täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berdi.
Prezident Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklary özleşdirmek işlerini çaltlandyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini artdyrmak we tebigy gazy eksport etmek boýunça halkara taslamalary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça meýilleşdirilýän foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maý aýynyň 12-13-ünde geçirilmegi göz öňünde tutulýan bu maslahata daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we banklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmen Lideri hasabaty diňläp, bu halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeler berdi.
Döwlet Baştutany “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewe “Önümi paýlaşmak hakyndaky” Ylalaşyga degişli goşmaçalara gol çekmäge ygtyýar bermek hakynda Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek barada degişli görkezmeler berdi.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.
Gurbanguly Berdimuhamedow: 2021-nji ýyl örän kynçylykly bolsa-da, ýurdumyz üçin, umuman, gowy ýyl boldy
Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow örän kynçylykly bolsa-da, onuň biziň üçin, umuman, gowy ýyl bolandygyny belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisinde belledi.