Awstriýanyň ýokary okuw mekdebi HNGU-nyň talyplaryna talyp haklaryny hödürleýär
17:39 06.05.2021 10212
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Awstriýanyň Leoben dag uniwersitetiniň rektorlary iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2020-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça onlaýn gepleşikleri geçirdiler.
HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow we Dag uniwersitetiniň rektory Wilfrid Eýhlseder öz ýokary okuw mekdepleriniň Ähtnamanyň düzgünleriniň halkara gatnaşyklar ulgamyna implementasiýasyny maslahatlaşdylar.
Awstriýanyň ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary Leobende bilim almak üçin türkmen talyplaryna talyp haklaryny, şeýle hem hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmäge mümkinçilikleri hödürleýändigini mälim etdi. Talyplar hem-de mugallymlar üçin onlaýn sapaklary guramak meýilleşdirilýär.
Leoben uniwersiteti Ýewropada öz ugrundan iň gadymy uniwersitetleriň sanawyna girýär. Ol dag magdan we nebitgaz pudaklarynda ägirt uly ylmy mümkinçiliklere eýedir.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.
Gurbanguly Berdimuhamedow: 2021-nji ýyl örän kynçylykly bolsa-da, ýurdumyz üçin, umuman, gowy ýyl boldy
Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow örän kynçylykly bolsa-da, onuň biziň üçin, umuman, gowy ýyl bolandygyny belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisinde belledi.