Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ş.Abdrahmanow Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparyny amala aşyrar

11:29 31.03.2021 3844

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1939/original-16062c6d08d95e.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa 29-njy mart — 2-nji aprel aralygynda Mary we Lebap welaýatlaryna baryp görmegi tabşyrdy. Degişli tabşyrygy döwlet Baştutany 29-njy martda geçirilen Hökümet mejlisinde berdi.

Bellenilişi ýaly, wise-premýer bu saparyň çäklerinde «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işlere, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk işlerine we beýleki durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan işlere ýerinde gözegçilik eder.

Hökümet mejlisiniň barşynda türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalaryna hem ýüzlenip, gözegçilik edýän ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde iş saparynda bolup, ýerlerde öz ugurlary boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy hem-de işleriň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Başga makalalar
16322bd8218678.png
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.


16322bdd9b88fb.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.