Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşy artdyrylýar
14:12 05.08.2026 1508
Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň işgärleri döwlet Baştutanynyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip, önümçilik depginini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ýurdumyzyň iň gadymy hem-de baý känleriniň biri bolan Goturdepede zähmet çekýän toparlar täze üstünliklere eýe boldular. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary bäş sany täze önümli guýyny ulanmaga berip, birinji ýarym ýyllygyň jemlerini üstünlikli jemlediler.
Goturdepäniň ýerasty baýlyklaryny özleşdirmek işleriniň 1970-nji ýyllaryň başyndan bäri alnyp barylýandygyna garamazdan, häzirki wagtda kän giň möçberli döwrebaplaşdyryş tapgyryny başdan geçirýär. Önümçilige öňdebaryjy enjamlar, döwrebap tehnologiýalar we «Nebitgazylmytaslama» institutynyň rasionalizatorlyk işläp düzmeleri işjeň ornaşdyrylýar.
Nebit çykarylyşyny güýçlendirmegiň esasy usullarynyň biri hem gaz ýüklenmegi boldy. «Goturdepe» gaz gysyjy bekediniň işiniň netijesinde, şu günki günde 500-den gowrak guýy şu usul arkaly ulanylýar. «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň ýerli hünärmenleri we «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» müdirliginiň göçme toparlary önüm berijilige hemişelik gözegçiligi hem-de wagtynda düýpli abatlaýyş işlerini üpjün edip, tehniki saklancialaryň doly öňüni alýarlar.
Goturdepede ýerasty baýlyklary rejeli peýdalanmak we hereket edýän guýularyň hyzmat möhletini uzaltmak diňe bir nebit çykarylyşynyň ýokary derejesini saklamaga mümkinçilik bermän, eýsem Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň we energetika garaşsyzlygynyň pugtalanmagyna hem gönüden-göni goşant goşýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Yrak her ýylda Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn almaga taýýar
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» energetikanyň ähmiýeti
Häzirki döwürde energiýa çeşmeleri durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen birlikde, daşky gurşawyň abadançylygyna-da güýçli täsir edýän şertleriň biridir.
Duşuşyk geçirildi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi gatnaşdy.
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.