Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» energetikanyň ähmiýeti

09:10 09.09.2025 1683

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14953/original-168bf13b1c4cb5.jpg

Häzirki döwürde energiýa çeşmeleri durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen birlikde, daşky gurşawyň abadançylygyna-da güýçli täsir edýän şertleriň biridir. Muňa soňky iki asyrda energiýany öndürmegiň, saklamagyň we ulanmagyň barha giň mümkinçilikleriniň döredilmegi bilen bir hatarda, adamzadyň taryhy ösüşinde ozal görlüp-eşidilmedik öňegidişligiň, ylmy-tehniki we innowasion ösüşiň, ykdysady galkynyşyň gazanylmagynda hem doly göz ýetirmek bolýar. Hut şoňa görä-de, daşky gurşaw we ekologik abadançylyk bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde energetika aýratyn orun degişlidir.

BMG-niň dünýäde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň möhüm meselelerini çözüp, adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatlarynyň 7-njisi durnukly hem-de häzirki zaman energiýa çeşmeleriniň elýeterliligi bilen baglanyşyklydyr. Ol hem, öz gezeginde, şol maksatlaryň birnäçesi bilen berk baglanyşyklydyr. Durnukly ykdysady ösüşe, iş bilen üpjünçilige we hemmeler üçin mynasyp iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etmek (8-nji maksat), berk infrastrukturany döretmek, senagatlaşma we innowasiýalary ornaşdyrmaga ýardam bermek (9-njy maksat), şäherleriň durnukly ösüşini üpjün etmek (11-nji maksat), önümçiligiň we sarp edişiň rasional nusgalaryny üpjün etmek (12-nji maksat), howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek (13-nji maksat) gönüden-göni energetika bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň energetiki başlangyçlary halkara howpsuzlygynyň giň ulgamyny üpjün etmek babatynda ygtybarly institusional esaslaryň döredilmegine gönükdirilendir. Şunda energiýa üpjünçiliginiň ösen we netijeli hereket edýän üpjünçilik ulgamynyň häzirki zaman ykdysadyýeti ösdürmegiň we halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň, adamzadyň medeni we ruhy ösüşi üçin maddy binýadyň döredilmeginiň esasy şerti bolup durýandygyny bellemek gerek. Döwletimiz uglewodorod çig malynyň dünýäde ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagatlaşmak we senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ägirt uly maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurduň ykdysadyýetiniň depginli ösdürilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýýar. Şu jähetden, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde energiýa serişdelerini eksport edýän iri döwlet hökmünde Türkmenistanyň çykyş etmegi energetika diplomatiýasynyň möhüm şahasyna öwrüldi.

Ýurdumyz abraýly forumlarda, bütindünýä ähmiýetli maslahatlarda durnukly we howpsuz energetika boýunça anyk başlangyçlar bilen çykyş edip gelýär. Muňa mysal edip, Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara «Ýol kartasyny» düzmek baradaky teklibini hem-de hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň mejlisinde 2030 — 2040-njy ýyllar döwri üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek bilen bagly öňe süren başlangyçlaryny aýratyn bellemelidir.

Awaza forumynyň çäklerinde «Durnukly ösüş üçin Gün energiýasyny giňeltmek arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde maýa goýumlary we innowasiýalary ornaşdyrmak» atly mejlisiň geçirilmegi hem energiýanyň durnukly çeşmeleriniň ählumumy gün tertibiniň üns merkezinde durýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bu mejlisde Gün energiýasynyň elýeterliligini ýokarlandyrmagyň, energetiki geçişiň, «ýaşyl» tehnologiýalaryň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin durnukly ösüş babatda döredýän mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýeri gelende, Gün energiýasynyň geljekde gorlary çäkli bolan gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň ornuny tutmakda uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Şeýle hem Gün energiýasy merkezleşdirilmedik energiýa önümçiligine eýe bolandygy üçin merkezi energetika ulgamyna birikdirilmedik obalarydyr çetki ilatly nokatlary elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge hem-de parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berýän arassa energiýa çeşmesidir. Gün energiýasynyň dünýä energetika ulgamyndaky paýy ýylsaýyn ýokarlanýar. Halkara energetika guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 2024-nji ýylda Ýer ýüzündäki Gün elektrik beketleriniň umumy kuwwatlygy 597 gigawata barabar boldy, bu görkeziji 2023-nji ýyldakydan 33 göterim ýokarydyr. Häzir Gün energetikasynyň paýyna dünýäde sarp edilýän elektrik energiýasynyň 40 göterimine golaýy düşýär.

Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri Günüň energiýasyny ulanmaga oňaýly mümkinçilikleri açýar. Eýýäm häzirki wagtda degişli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda Garagum sährasynyň jümmüşindäki uly bolmadyk ilatly ýerlerde Gün energiýasyny öndürýän panelleriň ornaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Bu ugurda has iri taslamalary hem amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde şu ýylyň 17-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini görkezmek bolar. Ähtnama, hususan-da, ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçmegiň we tebigy baýlyklary maksadalaýyk ulanmaga ýardam edýän innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy ugrundaky tagallalaryň subutnamasydyr.

Ýagmyr ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň baş hünärmeni.

Başga makalalar
167ed1610c565e.jpg
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.


16315c2abd5f05.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy

«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.


16315c2ecd2e59.jpeg
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady

«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.


16315909c1463e.jpeg
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy

Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.


167ed3c0138493.jpg
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini bellediler

2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.