Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi
05:35 25.09.2024 6258
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, biziň ykdysady üstünliklerimiziň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirildi.
Şoňa görä-de, adam başyna düşýän girdejiniň ýokary derejesini, ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagyny, ykdysady özgertmeleriň ýokary depginini, adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesini, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply bolmagy ykdysady ösüşleriň hem-de kuwwatly döwletiň esasy aýratynlyklary hasaplaýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak hemmämiziň esasy wezipämiz bolup durýandygyny belledi.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.