Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýedi aýynyň jemleri jemlenildi

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýedi aýynyň jemleri jemlenildi

1-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetirildi.

Benzin öndürmegiň meýilnamasy 121,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 113,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça 122,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,1 göterim ýerine ýetirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek işlerini netijeli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.