Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi

10:15 29.07.2025 2935

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14627/original-1688883d0eb25c.jpg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, görkeziji ýylyň birinji ýarym ýylynyň meýilnamasynyň 141 göterimine deň boldy. Möhüm goşant goşan bölümleriň biri «Gamyşlyja» guýularyň düýpli bejergisi müdirligi bolup, onuň hünärmenleri bellenilen meýilnamadan artyk 24 müň tonna nebitiň öndürilmegini üpjün etdiler. Bu bölümde jemi 32 guýy düýpli abatlanyldy, şonuň 24-si täzeden işe girizildi.

Umuman, hasabat döwründe trestiň desgalarynda meýilnamadaky 199 guýa derek 217 guýuda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi diýip, kompaniýada bellediler. Işler trestiň awtoulag we ýöriteleşdirilen müdirlikleriniň tehnikasy bilen alnyp baryldy.

«Türkmennebit» DK-nyň maglumatlaryna görä, az öndürijilikli we togtadylan guýulary täzeden işjeňleşdirmek uglewodorod çig malynyň önümçiligini artdyrmagyň netijeli çäreleriniň biridir. Balkan welaýaty Türkmenistanda nebitiň esasy öndürilýän sebitlerinden biri bolmagynda galýar.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.