Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
15:11 18.03.2022 14806
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.
«Нейтральный Туркменистан» gazeti Türkmenistanyň saýlanan Prezidentine gelen hatlary neşir etdi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly üstünlikler gazanan Türkmenistanyň Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda şol gazanylanlary has-da ösdürip, geljekde hem uly sepgitlere ýetjekdigine berk ynanýandygyny belleýär.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de özara saparlaryň netijesinde gatnaşyklaryň soňky döwürde hil taýdan täze derejä çykarylandygyny nygtap, türk Lideri geljekde hem «Siziň Alyhezretiňiziň goldaw bermeginde ösüş ýolumyzy okgunly dowam etdirip, söwda-ykdysady, energetika, maýa goýum, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maksat edinýäris» diýip belledi.
«Ýakyn wagtda Siziň Alyhezretiňizi Türkiýede gadyrly myhman hökmünde kabul etmäge şatdyryn hem-de şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, geljekki bilelikdäki ädimlerimizi ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyryn» diýip Ärdogan belledi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gutlag hatynda şeýle belleýär: «Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, şeýle hem ykdysady, energetika, ulag, ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzyň derejesi uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Bilelikdäki tagallalar arkaly Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine hem-de iki ýurduň bähbidine hyzmat etjekdigine ynanýaryn».
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Serdar Berdimuhamedowa gutlagynda «täze jogapkärli wezipäňizdäki döwürde Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ölçeglerde — ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara derejelerde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine umyt edýärin» diýip belleýär.
«Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň syýasatyndaky ileri tutulýan ugurdyr. Şunda Türkmenistana aýratyn möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizi özüňiz üçin islendik amatly wagtda bilelikdäki gepleşikleri geçirmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin sapar bilen Tährana gelmäge çagyrýaryn».
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hatynda şeýle belleýär: «Biziň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly döwletara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna täze, kuwwatly depgin berjekdigimize, gazak-türkmen gatnaşyklaryny, şol sanda tutuş Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine hil taýdan täze derejä çykarjakdygymyza ynanýaryn.
Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Sizi islendik amatly wagtda Gazagystana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrýaryn».
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hatynda: «Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hem, iki halkyň bähbidine ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Sizi özüňiz üçin islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrýaryn».
Ýatlatsak, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy 19-njy martda geçiriler.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.