«Çemmerli» gaz känindäki täze senagat gaz akymy Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň nobatdaky üstünligi boldy
11:50 31.07.2026 158
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzyň Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymynyň alnandygy baradaky hoş habar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi pudagyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär edýär.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde-de ýokary sepgitlere ýetilýär. Şunda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine we ýerine ýetirilýän işleriň ylmy esasda bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan «Çemmerli» gaz känini özleşdirmegiň çäginde 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusy 1 müň 200 metr çuňluga burawlanyp, onuň 1 müň 114 — 1 müň 110 metr aralygyndan synag işleriniň netijesinde bir gije-gündizde senagat ähmiýetli 150 — 200 müň kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy.
Munuň özi «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginde işleriň döwrebap derejede alnyp barylýandygynyň, onuň tehnologiýalarynyň häzirki zaman usullary esasynda kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Bu bolsa Gahryman Arkadymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýäniň ösen tejribesini netijeli özleşdirmek boýunça kesgitlän wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar.
Merkezi Garagum gazly künjeginde ýerleşýän «Çemmerli» käninde tebigy gazyň täze akymynyň alynmagy pudagyň işgärleriniň we hünärmenleriniň Garaşsyzlyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamak ugrundaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda nebitiň we gazyň täze ýataklarynyň ýüze çykarylmagy hem-de özleşdirilmegi bilen, bu gymmatly önümleriň goşmaça möçberi alynýar.
Munuň özi Türkmenistanyň tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemek arkaly energiýa serişdelerini iri eksport ediji döwlet hökmündäki derejesini we onuň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.
«Ýaşyl» başlangyçlar — rowaç geljegiň binýady
«Ýaşyl» ykdysadyýet — bu durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýan we daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga, çäklendirilmedik ykdysady ösüşde çäkli tebigy çeşmeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we durmuş taýdan deňligi öňe sürmäge çalyşýan ykdysady ösüş çemeleşmesidir. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçiş daşky gurşawa zyýan bermezden, uzak möhletli ykdysady ösüşi gazanmagy maksat edinýär. Gün tertibi — 2030-a ýetmekde «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek esasy ýolgörkeziji bolup durýar.
Abatlaýjylaryň üstünlikleri
Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.