Abatlaýjylaryň üstünlikleri
04:05 29.07.2025 2692
Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.
Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça şu ýylyň başyndan bäri geçen hasabat döwründe goşmaça alnan «gara altynyň» möçberleri 81 müň 830 tonna golaýlady. Bu görkeziji geçen alty aý üçin bellenilen meýilnamanyň 141 göterim berjaý edilendigini görkezýär. Bellenilen meýilnamada görkezilenden 24 müň 138 tonna «gara altynyň» goşmaça alynmagyna «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň abatlaýjylary saldamly goşant goşmagy başardylar. Ady agzalan müdirlik boýunça bu döwürde «gara altynly» guýularyň 32-sinde abatlaýyş işleri geçirilip, 24 guýy ulanyşa berildi. Kärhananyň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryna 2,9 esse artygy bilen hötde gelendiklerini bolsa aýratyn nygtamak gerek.
Ýeri gelende aýtsak, tutuş trest boýunça şu ýylyň gürrüňi edilýän hasabat döwründe düýpli abatlanan guýularyň 199-syna derek 217-siniň nebitgaz çykaryş müdirliklerine ulanyşa tabşyrylandygy has-da buýsançly görkezijidir. Önüm bermesini kemelden guýulary abatlamakda «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň kuwwatly tehnikalary peýdalanyldy.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.