29-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwda gününde içerki bazarda ýurduň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça söwdalar geçirildi.
Türkmenistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPPD 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri türkmen işewürleri bilen pagta süýümine şertnama baglaşdylar. Söwdalaryň dowamynda umumy bahasy 3 000 000 manat we 2 982 750 amerikan dollaryna barabar bolan 2 sany geleşik baglaşyldy.