28-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygyň ýokary depginde dowam edýändigini bellediler.
Şeýle-de duşuşykda Türkmenistanyñ «ýaşyl» energetikanyň ösdürilmegini, sebitleýin özara baglanyşygy we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny işjeň goldaýan ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak ugruny ÝTÖB -niň goldaýandygy nygtaldy.
Şeýle hem taraplar ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek we sebitleýin ulag geçelgelerini, hususan-da Transkaspiý geçelgesini öňe sürmäge ýardam bermek boýunça geljegi uly taslamalara seretdiler.
Duşuşygyň soňunda taraplar işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek we göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemek barada pikir lerini beýan etdiler.
Duşuşykdan soň ÝTÖB bilen Türkmenistanyň birnäçe döwlet edaralarynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Şol sanda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň hem-de Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň arasynda Türkmenistanda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.