Halypa-şägirtlik ýoly — kämillige badalga
10:05 16.06.2026 1056
«Türkmengaz» döwlet konserniniň işgärler bölümi tarapyndan Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda usuly okuw maslahat geçirildi. Seminara degişli konserniň düzümindäki edara-kärhanalaryň işgärler bölüminiň başlyklary, jogapkär işgärleri, hünärmenleri gatnaşdylar. işgärler bölüminiň işini kämilleşdirmek, işleriň ýöredilişinde sanly ulgamy netijeli peýdalanmak, işgärleriň hukuklaryny goramaga gönükdirilen çäreler, resminamalary talabalaýyk ýöretmek, ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaş hünärmenleri işe ugrukdyrmak, olaryň hünärini düýpli öwrenmegini gazanmak, tejribesini artdyrmak, bu babatda ýurdumyzda ir döwürlerden dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýolundan doly peýdalanmak maksady bilen geçirildi.
Usuly okuw maslahatdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda adam baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Nebitgaz toplumynyň düzümlerinde, şol sanda «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky edaralarda, önümçilik we hyzmatlary alyp baryjy kärhanalarda hem işler döwrüň ruhuna laýyk ýola goýlandyr. Işgärleriň amatly şertlerde zähmet çekmegi, hünärini kämilleşdirmegi, zähmet howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, sagdyn iş gurşawynyň kemala gelmegi üçin ähli amatly şertler döredilendir.
Ylmyň we tehnikanyň häzirki ösen döwründe ýaş işgärleriň, hünärmenleriň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylmagy, giň düşünjeli, hünärini çuň ele alan, halkara tejribeleri özleşdiren işgärleriň wezipe borçlaryny pugta berjaý etmegi, iş ýerinde ýokary derejede zähmet çekmeginiň gazanylmagy milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýaşlary jemgyýetiň iň kuwwatly we işjeň bölegi, Watanymyzyň hem-de ösüşleriň daýanjy hasaplaýar, ýaşlaryň zähmetini beýik maksatlara ýetmegiň we ýurdumyzy ösdürmegiň esasy şerti, şeýle-de ynsanyň abraýyny hem-de gadyr-gymmatyny kesgitleýän iň ýokary gymmatlyk hökmünde belentden bahalandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiz ýaş nesle zähmet terbiýesini bermegiň wajyplygyny nygtap, her bir ýaş ynsanyň zähmeti özüne baýdak edinmelidigini we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdigine berk ynanýandygyny aýdýar.
Şeýle-de usuly okuw maslahatda işgärler bölümi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden, ýaşlara bolan ynamyndan ugur alyp, ýaş hünärmenleriň işe ugrukdyrylmagyna, olaryň üstünlikli zähmet çekmegine, ýaş alymlaryň ylmy seljermelerine, tekliplerine, halypalar, alymlar bilen netijeli işleşmegine hemişe üns berilmelidigi, zehinli, ukyply, işbaşarjaň ýaşlary ýüze çykarmakda, ýolbaşçy düzümine girýän ätiýaç işgärleriň goruny, sanawyny taýýarlamakda wezipe borçlaryny pugta berjaý etmelidigi beýan edildi.
Usuly okuw maslahatyň ahyrynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda durmuşa geçirilýän özgertmelere mynasyp goşant goşup, arassa, halal işi, göreldeli işgär hökmünde ýadawsyz çekýän zähmeti, hünär ussatlygy bilen tapawutlanýan, ýaş hünärmenleriň kämilleşmegine ýardam berýän halypa işgärler Hormat haty bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy
25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
7-nji sentýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.