“Nebitgazylmytaslama” institutynyň nebiti çykarmakdaky innowasiýalary gatlak suwlarynyň netijeli çäklendirilmegini üpjün etdi
13:47 03.06.2026 1298
Uzak wagtlap özleşdirilip gelinýän känlerde esasan-da, «Goturdepe» we «Barsagelmez» nebitgaz känlerinde gatlak basyşynyň peselmegi, ulanylýan guýulara gatlak suwlarynyň gelmegi netijesinde, onuň önüminiň wagtyndan öň suwlanmagy, guýynyň düýbünde çäge dykylarynyň emele gelmegi, gatlaklary özleşdirmegiň soňky tapgyrynda olardan düzüminde parafin köp bolan agyr nebitleriň akyp gelmegi ýaly kanunalaýyk hadysalar bilen baglydyr.
«Nebitgazylmytaslama» institutynyň guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynda ýerine ýetirilen ylmy-barlag işlerinde guýularyň önüm berijiligini artdyrmak ugrunda geçirilen işler boýunça senagat maglumatlary ýygnaldy we olaryň netijeliligi seljerildi hem-de guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek usullary kämilleşdirildi.
Nebitli guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek üçin ýurdumyzda bar bolan ýerli himiki serişdelerden peýdalanmagyň tehnologiýasyny tapmagyň ýollaryny gözlemeklige üns berlip, laboratoriýa şertlerinde synag-barlag işleri geçirildi hem-de önümçilikde ulanmak mümkinçilikleri we ähmiýetliligi öwrenildi.
Özleşdirmegiň ahyrky döwründe işleýän nebitgaz känlerinde ýatagyň gatlak basyşynyň pese düşmegi, guýularyň önüminiň suwlulanmagy, guýuda asfalten-smola we parafin çökündileriniň emele gelmegi we guýynyň düýpýaka zolagynda çäge dykylarynyň ýygnanmagy ýaly kynçylyklar döreýär. Şeýle kynçylyklar dörände guýularyň önüm berijiligi ep-esli peselýär, käbir ýagdaýda bolsa, olar önüm bermeklerini togtadýar.
Bu meseleleriň nebitgazly ýataklaryň köpüsinde duş gelýänligi, nebiti çykarmakda kynçylyk döredýänligi sebäpli, önümli gatlaga täsir etmegiň birnäçe usullarynyň we düzümleriniň synag edilmegine we işlenip alynmagyna getirdi. Ol usullary we düzümleri ulanmagyň esasy talaplarynyň biri nebit alynýan gatlaklaryň geologiki düzüm aýratynlygy bilen bagly bolsa, beýleki talaplaryň biri hem ulanyljak usulyň we material serişdeleriniň elýeterli, arzan bolmagydyr.
Guýularda gatlak suwlaryny çäklendirmekde bentonit toýnundan, gidrofobizirleýji goşundydan we uglewodorod suwuklygyndan ybarat düzümde, gidrofobizirleýji goşundy hökmünde polimer önümçiliginiň goşmaça önümi bolan piroliz ýagy ulanyldy.
Bentonit toýny — Türkmenistandaky «Oglanly» ýatagynyň ownuk owradylan toýny. Uglewodorod suwuklygy hökmünde benzin, gaz kondensaty, dizel ýangyjy we şuňa meňzeşler ulanylyp bilner. Piroliz ýagy — polimer önümçiliginde alynýan goşmaça önüm (Gyýanlydaky polimer zawody).
Düzümi taýýarlamak ýönekeýdir, ol uglewodorod ergininde piroliz ýagyny we bentonit ürgünini garmakdan ybaratdyr. Hödürlenýän düzümiň çäklendiriji ukybyny barlamak üçin laboratoriýa barlag-synag işleri geçirildi.
Gidrofobizirlenen bentonit suspenziýasyny peýdalanmak bilen, geçirilen synag işleriniň esasynda alnan netijelere görä, suw çäklenmesiniň has ýokary netijeliligi, nebitiň akymynyň kanagatlanarly bahasy, uglewodorod suwuklygynda bentonit toýnunyň we piroliz ýagynyň mukdarynyň belli bir gatnaşykda bolmagynda üpjün edilýändigini görkezdi.
Laboratoriýanyň hünärmenleri tarapyndan guýularda gatlak suwlaryny çäklendirmek boýunça gidrofobizirlenen bentonit suspenziýasy esasynda işlenip alnan bu täze düzüme çäklendirilen patent almak üçin intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyna haýyşnama berildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda ýerine ýetirilen ylmy hasabat işi ylmy esasda goralyp, nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça kämilleşdirilen tehnologiýalary önümçilikde ulanmak üçin teklipler hödürlenildi. Bu barada www.turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy
25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
7-nji sentýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.