Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler sergisi açyldy
13:18 29.04.2026 2404
28-nji aprelde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň eksportyny artdyrmakda, hytaý kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu forumyň ähmiýeti örän uludyr.
Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi. Olaryň arasynda ýurdumyz bilen öňden bäri işleşip gelýän, harytlary alyjylara giňden belli bolan hyzmatdaşlar-da, şeýle hem işjeň gatnaşyklary ýola goýup, geljegi uly türkmen bazarynda orun almagy maksat edinýän işewürler hem bar.
Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Hemmeler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça giňden ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarylýar. Döwlet Baştutany ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän forumyň we serginiň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolmak bilen, ylmy-tehniki, ýokary tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, häzirki zaman innowasiýalaryny, öňdebaryjy tejribäni alyşmakda netijeli boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Soňra ähli gatnaşyjylar serginiň geçirilýän ýerine geldiler. Bu ýerde soňky ýyllarda depginli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ugry bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi bu möhüm ugurda ýurtlarymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berk ygrarlydyklarynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.
Gözden geçirilişiň çäklerinde ýörite gurnalan zolakda sergä gatnaşyjy kompaniýalaryň öňdebaryjy tejribeleriniň we önümleriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Olaryň gazananlary senagat we innowasiýalar ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň önüm öndürijileri hem-de işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, söwda, maliýe we ykdysadyýet, oba hojalyk, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iri hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Türkmenistanyň we Hytaýyň özara söwdany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bar bolan ugurlary serginiň ikinji gününiň çäklerinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumynyň dowamynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. Iki döwletiň arasyndaky mizemez dostlugyň we hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüljek halkara forum we sergi 30-njy aprelde öz işini tamamlar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Yrak her ýylda Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn almaga taýýar
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» energetikanyň ähmiýeti
Häzirki döwürde energiýa çeşmeleri durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen birlikde, daşky gurşawyň abadançylygyna-da güýçli täsir edýän şertleriň biridir.
Duşuşyk geçirildi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi gatnaşdy.
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.