“Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary hasaba almak başlandy
12:30 25.04.2026 3227
2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin hasaba alyş açyldy.
«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän bu maslahat halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin dünýäniň energetika pudagynyň öňdebaryjy wekillerini, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, maliýe institutlaryny we tehnologiýa üpjünçilerini bir ýere jemlär.
Maslahatyň gün tertibiniň esasy ugry dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda golaýda geçirilen bu käni özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga bermek dabarasy bu taslamanyň ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygyndaky strategik ähmiýetini ýene bir gezek tassyklady.
2026-njy ýylyň maksatnamasynyň çäginde energetika toplumyny ösdürmegiň esasy ileri tutulýan ugurlary, şol sanda «Galkynyş» känini tapgyrlaýyn özleşdirmek, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklaryny ösdürmek, şeýle-de çykaryjy, gaýtadan işleýji we ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak meseleleri göz öňünde tutular.
Energiýa serişdelerini monetizasiýa etmek, gazhimiýa we nebithimiýa senagatyny ösdürmek, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berler. Maslahatyň gün tertibinde häzirki zaman tehnologik meýilleri, şol sanda pudagyň sanly transformasiýasy, emeli aňyň ulanylmagy, amaly netijeliligi ýokarlandyrmak we öňdebaryjy ekologik çözgütleri ornaşdyrmak ýaly meseleler hem öz beýanyny tapar.
OGT 2026 metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, uglerody tutmak we saklamak tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, şeýle-de wodorod energetikasyny we gaýtadan dikeltýän energiýa çeşmelerini ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar. Bu ugurlar Türkmenistanyň halkara klimat gün tertibine işjeň gatnaşmagyna doly laýyk gelýär.
Maslahatyň maksatnamasynda ýokary derejeli plenar mejlisini, ministrleriň «tegelek stoluny», öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda panel çekişmelerini, pudaklaýyn we maýadarlyk sessiýalaryny, şeýle-de 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagynda halkara sergini geçirmek göz öňünde tutulýar. B2B we B2G formatyndaky işewürlik duşuşyklaryna, ylmy we ýaşlar gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn orun berler.
Goşmaça maglumat almak we hasaba durmak üçin resmi saýta girip bilersiňiz: https://www.ogt-turkmenistan.com
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Yrak her ýylda Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn almaga taýýar
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» energetikanyň ähmiýeti
Häzirki döwürde energiýa çeşmeleri durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen birlikde, daşky gurşawyň abadançylygyna-da güýçli täsir edýän şertleriň biridir.
Duşuşyk geçirildi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi gatnaşdy.
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.