Konferensiýa öz işini netijeli tamamlady
09:10 31.03.2026 2217
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň VI konferensiýasy geçirildi. «Türkmennebit» DK-nyň Kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy Akmyrat Amanowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen konferensiýanyň işine geňeşiň jemgyýetçilik başlangyjyndaky orunbasarlary, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, geňeşiň agzalary we beýleki wekilleri gatnaşdy.
Konferensiýada Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Geldimyrat Seýtiýew çykyş edip, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli döwürde alnyp barlan işleriň hasabaty hem-de 2026 — 2030-njy ýyllarda geňeşiň alyp barjak işleri barada giňişleýin durup geçdi. Şunda, hususan-da, geçirilen mejlisler, 2021 — 2025-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzyň şypahanalaryna, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ýollanmalary ýerlemek boýunça geçirilen işler, degişli döwürde önümçilikde bolan hadysalar barada aýdyldy. G.Seýtiýewiň çykyşynda hasabat döwründe zähmetkeşleriň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylandygy we bu üstünliklerde kärdeşler arkalaşyklarynyň saldamly goşandynyň bardygy kanagatlanma bilen bellenildi. TKA-nyň düzüminde abraýly orunda durýan Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan işgärleriň we hünärmenleriň ruhubelent, döredijilikli, höwesjeň, ýadawsyz zähmet çekmegi hem-de olaryň kanuny hukuklaryny, bähbitlerini goramak üçin KA-nyň tertipnamalaýyn ygtyýarlyklary ulanylýar.
Konferensiýanyň dowamynda prezidiumyň agzalary — «Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Ýaşaýyş jemagat hojalygy kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Türkmengaz» DK-nyň «Marygazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Begmuhammet Ataýew we KA-nyň başga-da birnäçe wekilleri çykyş etdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe öz işlerinde ýokary netijeleri gazanyp, görelde görkezýän pudagyň öňdebaryjylary, işjeň agzalary KA-nyň guramalary tarapyndan maddy we ruhy taýdan höweslendirilip duruldy. Önümçilikde oňaýly we howpsuz zähmet hem-de dynç alyş şertlerini üpjün etmek üçin KA-nyň guramalary iş berijiler bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Bu ugurda her ýyl geçirilýän «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly biraýlyk, howpsuzlyk hepdelikleri, iş orunlarynyň gözden geçirilişleri, iş ýerleri göwnejaý guralan önümçilikleriň, edaralaryň höweslendirilmegi ýaly çäreler oňat netijeleri berdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri pugtalandyrmak bilen bagly çykyşlar, degişli döwrüň hasabaty diňlenilenden soň, Geňeşiň 2026 — 2030-njy ýyllarda alnyp barylmaly işler boýunça taýýarlanan maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we ýygnagyň karary bilen bu maksatnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle-de konferensiýasynyň karary bilen Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy, Geňeş agzalarynyň täze düzümi we orunbasarlary tassyklanyldy. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy, şol bir wagtyň özünde Geňeşiň başlygy wezipesine Geldimyrat Seýtiýew saýlanyldy.
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň agzalaryna wezipelerini ýurdumyzyň Konstitusiýasyna, Zähmet kodeksine, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna we beýleki hukuk namalaryna laýyklykda alyp barmagyň tabşyrylmagy bilen konferensiýa öz işini jemledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy
25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
7-nji sentýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.