Türkmenistan we Hytaý gaz hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyny belleýär

10:08 31.03.2026 2648

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16614/original-169ca499c216dc.jpg

27-nji martda Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň geçiren brifinginiň esasy mowzuklarynyň biri hem iki ýurduň nebitgaz ulgamynda özara gatnaşyklarynyň geljegine bagyşlandy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berýär.

Şu ýyl Aşgabat we Pekin üçin taryhy ähmiýete eýedir — giň gerimli gaz hyzmatdaşlygynyň ýola goýlanyna 20 ýyl dolýar. Hytaýyň ilçisi Szi Şuminiň belleýşi ýaly, bu döwürde energetika sektory Hytaý-türkmen özara gatnaşyklarynyň esasy sütünine öwrüldi.

Sanlar Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň esasy üpjünçisi bolup durýandygyny tassyklaýar. 2026-njy ýylyň 1-nji martyna çenli Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyna eksport eden tebigy gazynyň möçberi 460 milliard kub metre ýetdi. Hytaý eýýäm 14 ýyl bäri yzygiderli Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy we türkmen «mawy ýangyjynyň» baş alyjysy statusyny saklap gelýär.

Diplomat bu hyzmatdaşlygyň özara bähbitli häsiýete eýedigini aýratyn nygtady. Hytaý üçin bu energetika howpsuzlygynyň kepili bolsa, Türkmenistan üçin durnukly býudjet girdejileri we müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegidir.

Şunuň bilen birlikde, HHR-iň ilçisi bu garaýşy türkmen tarapynyň hem doly goldaýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gaz pudagyndaky strategik bileleşigiň diňe bir iki ýurduň bähbitlerine jogap bermek bilen çäklenmän, eýsem dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde hem möhüm faktor bolup durýandygyny birnäçe gezek aýdypdy.

Mundan başga-da, Hytaýyň diplomatik missiýasynyň ýolbaşçysy äpet «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa boljakdygyny mälim etdi.

Degişli bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasy (CNPC) yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen CNPC kompaniýasynyň arasyndaky şertnamany tassyklamagy möhüm ädim boldy.

«Bu iri taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň gaz çykaryjy kuwwatyny has-da artdyrmaga, döwlet býujetiniň girdejilerini köpeltmäge we Türkmenistanyň ilaty üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky energetika gepleşikleriniň mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösjekdigine, tutuş sebitiň ykdysady taýdan rowaçlanmagy üçin täze gözýetimleri açjakdygyna ynanýaryn» diýip, diplomat sözüni jemledi.

Başga makalalar
16237fe77f2050.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi

2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


164fac18f6be8b.jpg
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy

25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.


164fb18873cab6.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

7-nji sentýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.


1688883d0eb25c.jpg
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.


16234186000918.jpeg
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.