Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan ABŞ bilen ähli ulgamlar boýunça netijeli gepleşiklere taýýar
11:53 03.03.2026 2053
Türkmenistan häzirki günde açylýan hakyky mümkinçilikleri görýär hem-de ähli ugurlar boýunça ABŞ bilen netijeli dialoga hemişe taýýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýusynda belledi. Interwýunyň doly teksti TDH-da neşir edildi.
“Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda däp bolan dostlukly, netijeli, özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu gatnaşyklar syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ylym, sport ýaly esasy ugurlaryň ählisini diýen ýaly öz içine alýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
“Biz hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we geljegi barada pikir alyşmaga, bilelikdäki hereketleriň mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berýäris. Biz häzirki günde açylýan hakyky mümkinçilikleri görýäris hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli dialoga hemişe taýýardyrys. Şeýle çemeleşme türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna özara düşünilýändigi bilen şertlendirilendir” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösýär, özara bähbitlilik, deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Köp ýyllaryň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard amerikan dollaryna golaý bolan ykdysady taslamalaryň ýüzlerçesi amala aşyryldy we aşyrylýar.
Bellenilişi ýaly, “iri amerikan kompaniýalary köp wagtdan bäri türkmen bazarynda möhüm ugurlar bolan ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, elektroenergetikada, programma üpjünçiliginde, oba hojalygynda, azyk senagatynda we beýleki pudaklarda üstünlikli işleýärler. Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys hem-de oňa ýokary baha berýäris. Mundan beýläk-de ony höweslendireris we goldarys. Men şolaryň arasynda «John Deere», «General Electric», «Case», «Boeing», «Coca-Cola», «Sikorsky», «Caterpillar» ýaly kompaniýalary görkezip bilerin. Bular sanawdaky kompaniýalaryň hemmesi däldir”.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň möhüm ornuny aýratyn belledi.
“Şondan bäri geçen döwürde ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp we täsirli guralyna öwrüldi. Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakda, ösdürmekde we berkitmekde, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny bilelikde gözlemekde uly ähmiýete eýe boldy. Şeýle-de ol türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda iri taslamalary amala aşyrmak üçin netijeli meýdançany döretdi. Işewürlik geňeşi iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda mynasyp abraýa eýe boldy. Onuň pikirleri we maslahatlary Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet edaralary tarapyndan diňlenilýär” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
“Şol bir wagtda özara mümkinçilikleri has giňden peýdalanyp boljakdygy äşgärdir. Ilki bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, iri milli we halkara infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutmak gerek. Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Şeýle-de elektroenergetika, kompýuter, logistika hyzmatlary, bilim we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda amatly şertler bar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy
25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
7-nji sentýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.