Dubaýda gaz ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

11:22 05.02.2026 2711

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16236/original-16982df4e43dc8.jpg

3-nji fewralda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gaz pudagynda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişine garap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlar boýunça dowamly hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen, iki ýurduň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy diýip, DIM habar berýär.

Başga makalalar
166f2b187bec3a.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.


1652386712c91a.jpg
Yrak her ýylda Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn almaga taýýar

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


168bf13b1c4cb5.jpg
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» energetikanyň ähmiýeti

Häzirki döwürde energiýa çeşmeleri durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen birlikde, daşky gurşawyň abadançylygyna-da güýçli täsir edýän şertleriň biridir.


168bf135c716e6.jpg
Duşuşyk geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi gatnaşdy.


161dd22684609e.jpeg
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.