Balkan welaýatynyň nebitçileri hünär baýramçylygyny bellediler

12:33 17.12.2025 3313

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15864/original-16941529693650.jpg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň dabaralary geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.

Dabara hünärmenlerdir inžener-tehniki işgärler, şeýle-de önümçilik düzümleriniň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine Gutlagy ýygnananlarda şatlyk duýgularyny döretdi.

Maslahatda edilen çykyşlarda hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly işler hakynda aýratyn durlup geçildi.

Şeýle-de özleri baradaky, halkymyz hakyndaky irginsiz aladalardan göwünleri galkynan dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny düýpli galkynyşa eýe edip, ony dünýä derejesine çykarmagy başaran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Baýramçylyk çäresinde ulgamyň öňdebaryjy işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täsirli, şowhunly geçen dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Olaryň çykyşlarynda nebit-gazly, toýly ülkämiziň, merdana halkymyzyň, dana döwlet Baştutanymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, dost-doganlygyň waspy aýdyň beýanyny tapdy. Tans, halk döredijilik toparlarynyň baý mazmunly, joşgunly çykyşlary-da taryhy senäniň hormatyny, şanly derejesini has-da arşa göterdi.

Başga makalalar
16237fe77f2050.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi

2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


164fac18f6be8b.jpg
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy

25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.


164fb18873cab6.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

7-nji sentýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.


1688883d0eb25c.jpg
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.


16234186000918.jpeg
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.