Nebitgaz toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy
19:50 06.12.2025 3738
6-njy dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri hem-de onuň netijeli işini gazanmakda maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygy barada belläp, pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny ýokary depginler bilen dowam etdirmek, toplumyň işinde sanly ulgamy kämilleşdirmek, gyş paslynda önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak we ony berk gözegçilikde saklamak, ilatly ýerleriň tebigy gaz bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek, gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmak, pudagyň işinde halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, häzirki zaman tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, kesgitlenen meýilnamalaýyn işleri guramaçylykly alyp barmagyň, Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramy, Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.
Wise-premýer Batyr Amanow ýygnananlara Täze ýyly önümçilik üstünlikleri bilen garşylamakda we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy
25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
7-nji sentýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.