Geljegimizi ýagtylandyrýan «ýaşyl» energiýa

21:50 11.11.2025 1789

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15594/original-1691369555748b.jpg

Halkara tejribesinden belli bolşy ýaly, ýangyç we energiýa çeşmeleriniň tygşytly ulanylmagy hem-de bu meseläniň üstünlikli çözgüdi jemgyýetiň geljekki ösüşi bilen bir hatarda, daşky gurşawy — biosferany goramak üçin hem örän möhüm bolmagynda galýar. Bu ugurda geljegi uly hasaplanýan usullaryň biri hem adaty bolmadyk, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanyp, energiýa tygşytlaýjy täze tehnologiýalary ulanmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Häzirki wagtda «ýaşyl» energetikanyň esasy çeşmeleriniň biri bolan Gün energiýasyny peýdalanyp, elektrik energiýasyna özgerdýän Gün elektrik stansiýalary  çalt depginde ösýär. Her ýyl Günden gelýän energiýa çeşmesi, ýer gabygynda jemlenen ähli organiki ýangyçlaryň (kömür, nebit, tebigy gaz) ätiýaçlyklaryndan has uly gutarnyksyz energiýa gory bardyr. Daşky gurşaw babatda hem örän ähmiýetli çözgüt hasaplanylýan Gün energiýasy gazylyp alynýan ýangyçlara bolan garşylygy azaltmak, çäkli çeşmeleriň üstündäki ýüki ýeňilleşdirmek we ýer planetasyny sagdyn saklamak ýaly ugurlarda ýokary ähmiýetlidir. 

Soňky ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň içinde Gün energiýasynyň paýynyň artýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Gün energiýasyndan peýdalanmak boýunça gurluşlar: elektrik energiýasynyň öndürilişi we soňra-da ulanyjylara paýlanyşy üçin köp sanly Gün panellerini oturtmak. Dünýäde iň iri merkezleriň biri bolan Abu-Dabidäki (BAE) Gün merkezi muňa mysal bolup biler.

Ýel turbinalary: ýeliň kömegi arkaly energiýa işläp çykarmak üçin hem gury ýerde hem-de deňizde ýel elektrik beketlerini gurmak. Mysal üçin, Beýik Britaniýa özüniň Demirgazyk deňzindäki ýel energiýasy şäherçesini işjeň ösdürýär. Dünýä ýurtlarynyň aglabasynda umumy öndürilýän energiýanyň jeminde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň tutýan paýy häzirlikçe örän tapawutlydyr. Munuň sebäbi ýurtlaryň we sebitleriň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça dürli mümkinçiliklere eýe bolmagyndadyr. 

1-nji tablisa

Dürli sebitlerde (ýurtlarda) öndürilýän umumy jemde gaýtadan dikeldilýänenergiýa çeşmeleriniň tutýan paýy (2023-nji ýyl)

 Gün energiýasynyň elektrik togy üçin çykdajylary azaltmakda, üznüksizligi saklamakda, elektrik ýa-da ýylylyk öndürmekde, durmuş enjamlaryny, yşyklandyryş ulgamyny işletmekde netijelidir. Şoňa görä-de, bu energiýa çeşmesi ekologiýa taýdan arassalygy bilen hem tapawutlydyr. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň içinde iň kuwwatlysy Gün energiýasy hasaplanýar. Güneşli ülkämizde Gün energetikasyny ösdürmek üçin ähli amatly şertler bar. Çünki ýurdumyzda ýylyň 365 gününiň 300-den gowragy güneşli bolup, gije bilen gündüziň dowamynda ýagty wagty 12 — 14 sagada barabardyr. Gün energiýasy iň amatly we ykdysady taýdan tygşytly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň biridir. 

Häzirki wagtda Gün elektrik stansiýalary güneşli günlerde-de, bulutly günlerde-de elektrik energiýasyny ýa-da ýylylyk energiýasyny öndürmäge ukyplydyr. Gün energiýasyny peýdalanmak diňe güneşli gün köp bolýan sebitlerde dälde, eýsem, güneşli we bulutly günler ortaça hasap bilen deň ýagdaýda bolýan sebitlerde hem ulanmak maslahat berilýär. Bu ýagdaýlarda ýylylyk üpjünçiligi üçin has ösen inženerçilik enjamlaryny ulanyp, oňat netijeleri gazanmaga hem mümkinçilik bardyr. Kwant fizikasynda we nanotehnologiýalar babatdaky täzelikler üçin panelleriniň netijeliligini artdyryp, ondan gelýän çeşmäniň mukdaryny birnäçe esse ýokarlandyrmaga şert döredýär. Tehniki ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryndan peýdalanyp, Gün energiýasy babatdaky işleriň dowam etdirilmegi geljekde ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky kuwwatyny, ykdysady ösüşiniň ilerlemelerini gazanmakda oňyn netijeleriň biridir.

Gün energiýasyny ulanmaklygyň artykmaçlyklaryny bellänimizde:

— Gün energiýasy mugt;

— Garagumuň jümmüşinde, dag eteklerinde oba ilatly ýerleri elektrik togy bilen üpjün edýär;

— Energiýa almak üçin daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azalýar.

— Gün energiýasy bilen işleýän mehanizmler daşky gurşawyň howasyny hapalamaýar.

Gün energiýasyny tebigy ýarym geçirijileriň kömegi bilen alýarlar. Şeýle ýarymgeçirijileriň biri kremnidir. Kremniniň Türkmenistandaky ätiýaçlyklary ummasyzdyr. Garagumuň çägesi şol kremniniň maýdajyk bölejikleridir. Örän çylşyrymly prosesleriň üsti bilen kremniden monokristallary ösdürip ýetişdirýärler. Soňra olary plastinalar görnüşinde kesip, 0.2 — 0.4 millimetr galyňlykdaky Gün kremnisine öwürýärler. 

Kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylaryny azaltmak üçin elektrik ulaglarynyň ulanylmagynyň ýaýradylmagy we goldanylmagynda «Tesla» kompaniýasynyň awtoulaglarynyň köpçülikleýin öndürilmegi we satylmagy muňa mysal bolup biler. Ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň giňden ýaýramagy üçin belli bir talaplara laýyk gelýän infrastrukturanyň döredilmegi zerur. Şeýle şertlere mysal edip, arassa ulaglaryň energiýasyny doldurmak üçin gurluşlaryň bolmagyny we olaryň bejerilmegi üçin ussahanalary görkezmek bolar. Bu şertleri döretmek we ösdürmek ol diýen aňsat hem däldir, emma muňa garamazdan dünýä ýurtlarynda satylýan awtomobilleriň umumy sanynda ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň paýy artmagyny dowam etdirýär. 

2-nji tablisa

Dürli ýurtlarda satylýan awtomobilleriň umumy sanynda ekologiýataýdan arassa ulaglaryň tutýan paýy (2023-nji ýyl)

Elektrik ulaglarynyň ýangyç bilen işleýän ulaglardan tapawutly taraplary zarýad saklaýan batareýalar ýerleşdirilip, hereketlenmegini üpjün etmek arkaly daşky gurşawa hapa gazlaryň zyňylmagyny azaltmak bolup durýar. Gün panelleri ornaşdyrylan duralgalarda elektrik energiýany almak bilen elektrik ulaglaryny zarýadlandyrmak möhüm çözgütleriň biri hasaplanylýar.  Elektrik energiýanyň gündizine artykmaç öndürilen energiýany akkumulýator batareýalaryna toplamagy we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda gijelerine peýdalanylyp bilner. 

Edara-kärhanalaryň awtoduralgalarynda, awtobus duralgalarynda, ilatly ýaşaýyş jaýlaryň duralgalarynda Gün panellerini ornaşdyrmak ykdysady taýdan amatly bolar. 

Ykdysady pudaklarda  durnukly ösüşi üpjün etmekde alternatiw energetikanyň ösdürilmegi diňe bir ýangyç-energiýa serişdeleriniň goruny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, kömürturşy (CO2) gazynyň daşky gurşawa zyňylmagyny azaldar we ösen innowasion tehnologiýalary önümçilik pudaklaryna ornaşdyrmaga kuwwatly itergi berer. 

Arkadag şäheri tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalardan ybarat bolmak bilen, ekologik talaplar esasynda guruldy, «akylly» yşyklandyryş ulgamy, häzirki zaman sanly hyzmatlar, «akylly» zir-zibil gaplary ornaşdyryldy. Şu ýylyň 17-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini görkezmek bolar. Şäheriň ikinji tapgyrynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän demir ýol we awtomobil menzillerinde Gün panelleri ornaşdyrylar. Gün panelleri menzillerdäki dolandyryş düzümlerini we yşyklandyryş ulgamyny zerur bolan elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün eder. Elektrik ulaglarynda we duralgalarda Gün panelleriniň ulanylmagy durnukly ösüşiň, energiýa howpsuzlygynyň we ekologik arassalygyň bir bölegi bolup durýar. Bu taslama diňe bir energiýa tygşytlylygyny üpjün etmän, eýsem, innowasion tehnologiýalary toplumlaýyn ornaşdyrmaga we jemgyýetiň geljegini arassa energiýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 

Gurbanmuhammet HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.

Başga makalalar
1620df16f5e974.jpeg
Türkiýä, Russiýa we Özbegistana 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügi eksport edildi

«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügini eksport etdi. Hususan-da, kompaniýa bu önümi Türkiýä, Russiýa we Özbegistana iberdi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.


1681ed289a7a45.jpg
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi

9-njy maýda Türkmenistanda şanly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi. Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


1681ed64aefc82.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

9-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


1620decd185720.jpeg
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksportyndan girdejisi 191 mln dollardan geçdi

2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksporty 191,8 million dollara barabar boldy, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 186,2% artykdyr. Bu barada Trend agentligi Gruziýanyň Milli statistika müdirligine salgylanyp habar berýär.


1681f8971eec71.jpg
Nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.