Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi

04:44 12.05.2025 4103

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13984/original-1681ed289a7a45.jpg

9-njy maýda Türkmenistanda şanly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi. Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülýän ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen weteranlarymyzyň, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzlyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr.

Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen ildeşlerimiz “Gahryman” diýen belent ada mynasyp boldular, söweş ordenleridir medallar bilen sylaglandylar. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, gahrymançylygyň, belent adamkärçiligiň nusgasydyr.

Milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplarynda ebedileşdirildi. Weteranlara durmuş ýeňillikleri bilen birlikde, maddy kömek berilýär.

Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar bar.

Şol gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde edermen Watan goragçylaryna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül desseleri goýuldy. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.