Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
04:44 12.05.2025 4072
9-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerwenini Moskwa Kremlinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Kremlden Serdar Berdimuhamedow beýleki belent mertebeli myhmanlar — baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Moskwa gelen GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine bardy.
Gyzyl meýdandaky baýramçylyk dabarasy ýetip gelýär. Münberiň öňünden Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň goşunlarynyň wekilleri batly gadam urup geçýärler. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýony hem bar. Häzirki wagtda ýaş türkmen esgerleri ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Şunda pederlerimiziň parasatly wesýetlerine wepaly nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy hem-de dowamatlylygy öz beýanyny tapýar.
Dabaraly ýöriş tamamlanandan soňra, şanly sene mynasybetli Moskwa gelen döwlet Baştutanlary, asylly däbe görä, Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna ugradylar we şol ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýdular.
Belent mertebeli myhmanlar matam sazynyň owazy astynda ýadygärlikler toplumyna barýarlar. Olaryň öňünden harby gullukçylar gül çemenlerini göterip barýarlar. Bir minutlyk dymyşlyk yglan edilýär we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda tutuş adamzadyň parahat durmuşy we azatlygy ugrunda faşizme garşy göreşen gahrymanlary hatyralap, Baky oda gülleri goýdy.
Ýeňiş güni mukaddes we nurana baýramdyr. Biz onuň şatlygyny doganlyk halklar bilen paýlaşýarys. Gahrymanlaryň şan-şöhrata beslenen edermenligi baradaky hakyda müdimilik kalplarymyzda ýaşap, dostlugyň, hoşniýetli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.