Türkmenistanda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum gurlar
10:27 21.09.2025 2173
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum gurlar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.
Gurluşyk işlerini Ýaponiýanyň “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” we Türkiýe Respublikasynyň “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret Anonim Şirketi” ýerine ýetirer.
Toplumyň gurluşygyna 2026-njy ýylyň iýul aýynda başlamak we toplumy 2030-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Türkiýä, Russiýa we Özbegistana 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügi eksport edildi
«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügini eksport etdi. Hususan-da, kompaniýa bu önümi Türkiýä, Russiýa we Özbegistana iberdi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi
9-njy maýda Türkmenistanda şanly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi. Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
9-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksportyndan girdejisi 191 mln dollardan geçdi
2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksporty 191,8 million dollara barabar boldy, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 186,2% artykdyr. Bu barada Trend agentligi Gruziýanyň Milli statistika müdirligine salgylanyp habar berýär.
Nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.